tüýlek

tüýlek
Köp we ösgün tüýli.
∙ Tirsegine çenli çermelen eliniň goşarlary, tüýlek barmaklarynyň bogunlary ýygyrt atyp haparypdyr. («Pioner» žurnaly)
∙ Seniň şol wagtlar bir kürräň bardy. Reňki bozdy hem tüýlekdi bedeni. (R. Seýidow, Eserler)
∙ Has beter hem babaň tüýlek ýüzleri, Ýylgyrýar ilden öň Aý gören ýaly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem tüýlek - tüýlegi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»